Türkmenistanyň DIM-nde Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistan bilen Sebit merkeziniň bilelikdäki işleriniň dürli taraplary seljerildi.
Türkmenistan bilen BMG-niň Sebit merkeziniň arasyndaky strategik gatnaşyklaryna şeýle hem BMG-niň Global terrorçylyga garşy strategiýasyny sebit derejesinde ýerine ýetirmek babatynda ýokary baha berildi. Türkmen tarapy köptaraplaýyn diplomatiýa ulgamynda we terrorçylyga garşy göreş boýunça başlangyçlaryna işjeň ýardamlary üçin Sebit merkeziniň ornunyň artdyrylmagynyň tarapdarydygyny belledi. Şeýle-de taraplar Sebit merkezsiniň BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş müdirligi bilen bilelikde birnäçe sebitleýin okuw treningleriniň, terrorçylyga garşy seminarlaryň we tejribe alyşmagy geçirmekleriniň mümkinçiliklerine garady.
2011-nji ýylyň Aşgabat jarnamasyna we 2022-nji ýylyň Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyna esaslanýan BMG-niň Global terrorçylyga garşy strategiýasyny sebit derejesinde ýerine ýetirmek meselesine aýratyn üns berildi.