Ermenistanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen geçirilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Diplomatlar duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary, şeýle-de şu ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň nobatdaky ýygnagyny geçirmek barada pikir alyşdylar.
Söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meýilnamasyna laýyklykda, ýangyç-energetika toplumy we energetika pudagynyň ady agzaldy.
Taraplar iki ýurduň söwda gurluşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we işewür wekiliýetiň özara saparlaryny guramak babatynda çykyş etdiler.
Medeni-ynsanperwer özara hyzmatdaşlyk, hususan-da ermeni tarapynyň Türkmenistanda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara çärelerine gatnaşmagy möhüm ugur hökmünde bellendi. Şonuň bilen birlikde bilim, ylym, we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösmegine aýratyn ähmiýet berildi.