Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly bolan söhbetdeşlik barada

Şu gün 2023-nji ýylyň 20-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna Federal Ýygnagyň döredilmeginiň we Russiýanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi, şeýle hem ony Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň geňeşiniň Başlygy wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda däp bolan türkmen-rus gatnaşyklary giň ugurlar boýunça okgunly ösüşe beslendi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary döwlet, hökümet we parlament derejesindäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi. Iki ýurduň wekiliýetleriniň yzygiderli duşuşyklarydyr saparlary strategik döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döredýär.

Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda we halk diplomatiýasynyň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi aýdyldy, Türkmenistan bilen Russiýanyň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak, olaryň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy berkitmäge ýardam bermek üçin iki tarapyň hem mundan beýläk-de zerur şertleri döretmegi dowam etdirjekdigine ynam bildirildi.

Öz gezeginde, Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň garaýşyny tutuşlygyna goldap, rus tarapynyň iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy özüniň döwlet durmuşynda jogapkärli döwri başdan geçirýär.

Geljek ýylyň martynda geçiriljek RF-niň Prezidentiniň saýlawlary döwletiň we jemgyýetiň öňünde durýan wajyp meseleleri çözmäge gönükdirilen syýasy, ykdysady, durmuş özgertmelerini amala aşyrmakda möhüm tapgyr bolar.

Russiýanyň köpmilletli halkynyň dogry taryhy çözgüdi kabul etjekdigine, şunlukda, rus halkynyň köp nesilleriniň uzak möhletleýin geljek üçin ykbalyny kesgitlejekdigine ynam bildirildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam edip, söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-durmuş ulgamynda bilelikdäki hereketleri ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Şunda hökümetara türkmen-rus toparyna wajyp orun degişlidir. Şol toparyň nobatdaky mejlisi geljek ýylyň başynda Aşgabatda geçiriler. Mejlisiň dowamynda ykdysadyýetde, bilimde, ylymda, beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiligini ulanmak bilen baglanyşykly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýanyň özüni halkara gatnaşyklaryň jogapkärli, hormata mynasyp gatnaşyjylary hökmünde görkezendikleri bellenildi.

Şunda RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Bitarap Türkmenistanyň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatyna aýratyn ünsi çekdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Walentina Matwiýenkony ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.