Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Eýranyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, müňýyllyklardan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barlyp, hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Muňa Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly goňşy ýurda amala aşyran saparlary gönüden-göni ýardam edýär.

Elektroenergetika pudagy-da türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Ulag ulgamy hem döwletara gatnaşyklaryň ösmeginde uly orun tutýar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz bu ulgamda Eýran bilen özara hereketleriň giňeldilmegine hem-de ýük gatnawlarynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

Şunuň bilen baglylykda, awtomobil ýollaryny gurmak babatda bilelikde işlemegiň oňyn tejribesiniň toplanandygy nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orun eýeleýändigini, ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Şunda 2024-nji ýylda tutuş dünýäde uly sarpa goýulýan görnükli türkmen şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna guraljak bilelikdäki möhüm çärelere üns çekildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.