Türkmenistanyň DIM-nde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere hem-de “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa sebit boýunça wekilçiliginiň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda ýola goýulan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasynda 2024-nji ýylda bilelikdäki hereketleriň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, häzirki döwürde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň sebitde, şol sanda, Türkmenistanda alyp barýan işiniň netijelerine syn berildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar halkara ynsanperwer hukugy boýunça Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň milli hyzmatdaşlarynyň mümkinçiliklerini berkitmek we ýokarlandyrmak babatynda çäreleriň geçirilmeginiň wajyplygyny bellediler. Guramanyň ýaşlara gönükdirilen işjeňligine aýratyn üns çekildi.

R. Meredow guramanyň sebit ýolbaşçysyna Komitetiň ýurdumyzda Halkara ynsanperwerlik hukugyny ösdürmeklige, dürli raýatlar toparlarynyň arasynda degişli bilimleriň ýaýradylmagyna we ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgeleriniň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işleri üçin hoşallygyny bildirdi.