Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna bagyşlanan metbugat forumy geçirildi

25-nji noýabrda Sport myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Kuraş boýunça dünýä çempionaty - dünýä KHBS-de” atly halkara media-forum geçirildi. 

Forumyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary, şeýle hem Halkara Kuraş birleşiginiň ýolbaşçylar düzümi gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde häzirki guramaçylyk meseleleri beýan edildi.  Gatnaşyjylaryň esasy ünsi çempionaty maglumat bilen üpjün etmek meselesinde jemlendi.

Şeýle hem, gatnaşyjylar maglumat platformalaryny diňleýjiler auditoriýasynyň esasy toparyny çekmek we onlaýn çeşmeleri ulanyjylaryň arasynda kuraşa bolan gyzyklanmany artdyrmak babatda pikir alyşdylar.

Media forum, kuraşy dünýä derejesinde şöhlelendirmekde we has giňişleýin wagyz etmekde KHBS-niň ornuna ünsi çekdi.

Çykyşlarda halkara sport jemgyýetçiligi tarapyndan bedenterbiýäniň we sportuň ösüşine aýratyn üns berýän Türkmenistanyň ornunyň ykrar edilmeginiň ýene bir subutnamasy bolan, bu möhüm sport çäresiniň biziň ýurdumyzdaky ähmiýeti bellendi. Munuň özi, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň gymmatlyklaryny öňe sürmegiň we halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolup durýanlygy bilen baglanşyklydyr.