Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara zähmet guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen, Aşgabada sapar bilen gelen, Halkara Zähmet Guramasynyň Dolandyryş we üç taraplaýynlyk departamentiniň direktorynyň orunbasary Kamran Fannizadeniň ýolbaşçylygyndaky HZG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar “Ýol kartada” görkezilen meseleleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar we 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini kesgitlediler.

HZG-niň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny hemmetaraplaýyn ýerine ýetirmek ugrunda türkmen tarapynyň ygrarlydygyny HZG-niň wekilleri goldadylar.

Hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan gepleşikleri has-da giňeltmek we ulgamlaýyn esasda aragatnaşyk gurmak meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2024-nji ýyldaky anyk çäreler boýunça indiki amaly hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri türkmen tarapyny bu ugurdaky işleriň netijeleri bilen tanyşdyrdylar we ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyga bolan garaýyşlaryny mälim etdiler.