Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar

img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekilýetine Toparyň türkmen tarapyndan başlygy – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär, eýran wekilýeti Toparyň eýran tarapyndan başlygy – Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar.

Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň birinji gününiň maksatnamasyna söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlarynda, ulag we logistika, senagat, oba we suw hojalyk, maýa goýum we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri girizildi, şeýle-de Hökümetara toparyň 16-njy mejlisiniň çözgütleriniň amala aşyrylyşynyň gidişi seljerildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi öz işini 18-nji noýabrda dowam eder.

                                                               ***

Şu günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda EYR-nyň «Iran Prože» atly Ýöriteleşdirilen sergisi açyldy.

Serginiň çäklerinde 18-nji noýabrda iki ýurduň döwlet edaralarynyň we hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler forumy meýilleşdirilýär.