TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «CLAAS» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY, GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda «CLAAS» kompaniýasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy, munuň üçin ýurdumyzda oňyn ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleriň döredilendigi bellendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin Katrina Klaas-Mýulhoýzere minnetdarlyk bildirip, onuň şu saparynyň we meýilleşdirilen gepleşikleriň netijeleriniň «CLAAS» kompaniýasynyň türkmen bazaryndaky işini giňeltmäge, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, «CLAAS» kompaniýasy köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyz bilen gatnaşyk edýär, hyzmatdaşlygyň netijeli usullary ýola goýlup, oňyn tejribe toplandy.

Kompaniýanyň ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikalary Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özüni oňat tarapdan görkezdi, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde bu kompaniýanyň okuw merkezleri hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň germaniýaly hyzmatdaşlarymyzyň geljekki hyzmatdaşlyk babatda tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.