TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY RUSSIÝANYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNY KABUL ETDI

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda ýokary derejeli myhman Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we Tatarystan Respublikasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna goşan saldamly şahsy goşandyna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary depginli we önümçilikli häsiýeti bellenildi. Munuň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda köptaraply türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada düýpli pikir alşyldy.

Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň işine möhüm orun degişlidir. 

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanda saparda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Arkadag şäherine baryp gördi. Tatarystanyň Baştutany ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji “akylly” şäheriň medeni merkezleri, ajaýyp ýerleri bilen tanyşdy.