TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «JOHN DEERE» KOMPANIÝASYNYŇ OBA HOJALYK BÖLÜMINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti Mark fon Pents bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda myhman Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady we ýurdumyzyň halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksadalaýyk çäreleriň görülýändigini we bu toplumyň işine öňdebaryjy tehnologiýalaryň, dünýäniň iň gowy tejribesiniň ornaşdyrylýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, «John Deere» kompaniýasy bilen ýola goýlan işewür gatnaşyklaryň uzak möhletli häsiýete eýedigi bellenildi. Bu kompaniýa obasenagat ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistan üçin ýokary hünärli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak uzak möhletli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hem üstünlikli dowam etdirilmegi üçin oňat mümkinçilikler bar.

 Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we «John Deere» kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.