Ženewada “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriniň biraýlygyň çäklerinde kiçi-futbol boýunça bäsleşige badalga berildi

        Şu ýylyň 17-nji aprelinde 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýip yglan edilmegi hem-de “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriniň biraýlygyň çäklerinde 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli, Ženewa şäherindäki diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň arasynda kiçi-futbol boýunça bäsleşige badalga berildi.

       Bu bäsleşik Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan gurnalyp, oňa Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň, Gruziýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň, Meksikanyň we Paragwaýyň bilelikdäki toparlary, Yragyň, Moldowanyň, Libiýanyň, Gazagystanyň, Halkara Gyzyl haç we gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň we Ýemeniň toparlary gatnaşdylar.      

       Bäsleşigiň jemleýji oýunlary 24-nji aprelde geçiriler hem-de olara Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň, Meksikanyň we Paragwaýyň bilelikdäki toparlary, Moldowanyň we BMG-niň Ženewadaky edarasynyň we Ýemeniň toparlary gatnaşarlar.