HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY

2023-nji ýylyň 20-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş sapary bilen ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýanyň Premýer-ministriniň çakylygy boýunça amala aşyrýan bu sapary netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar. Häzirki döwürde bu gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, Ferens List adyndaky Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Wengriýanyň Premýer-ministriniň kabulhanasyna ugrady. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany wenger Hökümetiniň ýolbaşçysy Wiktor Orban mähirli garşylady.

Türkmenistanyň we Wengriýanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Premýer-ministr Wiktor Orbanyň duşuşygy boldy. Bu duşuşyk giňişleýin düzümde, iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Wengriýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Budapeşte gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Wenger Hökümetiniň ýolbaşçysy mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa salamyny we gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Milli baýram — Keramatly Stefanyň güni hem-de Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa gelmek baradaky çakylygy hem-de kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Premýer-ministr Wiktor Orbany we onuň üsti bilen dostlukly ýurduň ähli halkyny bu şanly wakalar bilen gutlady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň gowy arzuwlaryny aýdyp, wenger Hökümetiniň ýolbaşçysyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we gutlaglaryny ýetirdi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň gutlag hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda energetika ulgamy tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa ugrunyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy bellenildi. Ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlyga hemişe taýýardyr.

Ulag, senagat, derman senagaty, oba hojalygy we beýleki birnäçe pudaklar hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şunuň bilen birlikde, türkmen-wenger ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, sport ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy höweslendirmek däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam eder.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Wengriýanyň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Milli atletika merkezine ugrady. Dunaýyň gündogar kenarynda gurlan bu täze sport toplumynda şu günler Ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionaty geçirilýär. Sportuň bu görnüşi tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir.

19-njy awgustda badalga alan ýaryşlara 200-den gowrak ýurtdan türgenleriň 2 müňden gowragy gatnaşýar. Wengriýanyň paýtagty Budapeşt Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny ilkinji gezek kabul edýär. Munuň özi Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (World Athletics) howandarlygynda guralýan ýaryşlaryň 19-njysydyr.

Budapeştiň Milli atletika merkezine gelende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýene-de Premýer-ministr Wiktor Orban garşylady.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde iň gyzykly ýaryşlaryň biriniň — erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň tomaşaçysy boldy. Dünýä çempionatlarynda we Olimpiýa oýunlarynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşyň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi bolmak ugrunda dünýäniň iň güýçli türgenleri bäsleşýärler.

Bu ýerde wenger tarapynyň adyndan belent mertebeli myhmanlar üçin her ýyl 20-nji awgustda bellenilýän Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli kabul edişlik guraldy.