TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe ynanç hatlaryny gowşurdy.

Prezident diplomaty, hormatly we jogapkärçilikli işe başlamagy bilen gutlap,  Türkmenistan bilen Gazagystanyň doganlyk döwletlerdigini belledi we iki ýurduň gatnaşyklarynyň birek-birege ynamly alnyp barylýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Ilçisi öz gezeginde, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň gazanan köp ugurly ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek ugrunda degişli işleri alyp barjakdygy barada ynandyrdy.