TÜRKMENISTAN BILEN HHR-IŇ ARASYNDA STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

img
img
img
img

Şu gün, 2023-nji ýylyň 31-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasy, Sinhaý prowinsiýa komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigi nygtaldy.

R.Meredowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlygy ol hem Döwlet Baştutanlary derejesinde işjeň dialogyň saklanýandygynda, şeýle gepleşikleriň dowamynda dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Parlament diplomatiýasynyň uly ähmiýeti tassyklanyldy, şonuň bilen birlikde, iki döwletiň arasyndaky üstünlikli gatnaşyklaryň möhüm ugry bolan parlamentara hem-de partiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigi nygtaldy.

Taraplar abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäginde Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Halkara gün tertibiniň köp meseleleri boýunça taraplaryň meňzeş ýa-da ýakyn garaýyşlaryny beýan edýändikleri hem nygtaldy.

Iki ýurduň "Merkezi Aziýa - Hytaý" görnüşindäki dialogyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada aýtmak bilen, söhbetdeşler ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň ösüşini bellediler we bu ugurda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Şu nukdaý nazardan, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma bildirildi.

Taraplar bilim, ylym we medeni ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny bellediler.