TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI SINGAPUR RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdiýewiň Singapur Respublikasynyň Prezidenti  Halime Ýakoba ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Singapur Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi hem-de türkmen-singapur gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça gyzyklanma bildirdi.

Şu nukdaý nazardan, Türkmenistan bilen Singapuryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maliýe, lukmançylyk, gaýtadan işleýän senagat, maglumat tehnologiýalary, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, şähergurluşyk we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriniň bardygy tassyklanyldy.