ARKADAGDA HALKARA MAÝA GOÝUM FORUMY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maýa düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumda türkmen tarapyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş institutlaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.

Bu işewürlik çäräniň wezipeleri daşary ýurt maýadarlarynyň, işewürleriniň, halkara maliýe-bank düzümleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçileriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmekden ybaratdyr.

Umumy mejlisleriň çäklerinde şäherlerde durnukly ösüş hem-de täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, “akylly” şäherleriň sanly infrastruktura hem-de sanly innowasion tehnologiýalary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň öňünde 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek boýunça birnäçe möhüm wezipeler durýar. Şäherleriň we ilatly ýerleriň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuş durnuklylygyny, ekologik abadançylygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi şol wezipeleriň biridir.

Daşary ýurtly gatnaşyjylar milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça özüne çekiji maýa goýum mümkinçiliklere eýe bolan biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Iri işewürlik maslahatyna gatnaşýan myhmanlar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri hem-de onuň maýa goýum strategiýasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň senagat-innowasion ösüşine, önümçilik ulgamyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýete geçilmegine gönükdirilen özgertmeler bilen tanyşdyryldy. 

Çykyşlarda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini häsiýetlendirýän soňky ýyllaryň makroykdysady görkezijileri barada durlup geçildi. Hususan-da, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime, maýa goýumlaryň 14,2 göterime deň bolandygy, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, eksport harytlarynyň möçberiniň 43,6 göterim artandygy bellenildi. Ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň her ýylky möçberi 30 göterimden gowrakdyr. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy bolsa 13 göterime ýetýär.

Bellenilişi ýaly, bu görkezijiler döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly maýa goýum syýasaty hem-de daşyndan çekilýän düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy netijesinde üpjün edilýär.

Şunuň bilen birlikde, ähli ulgamlarda yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, ozaly bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” ýaly uzak möhletleýin we orta möhletleýin strategiýalarda kesgitlenen görkezijilere ýetmäge gönükdirilendigi nygtaldy. Öňde goýlan maksatlaryň durmuşa geçirilmegi maýa goýum strategiýasynyň alnyp barylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Esasy maýa maliýe serişdelerini çekmek hem-de olaryň innowasiýalaryň ösdürilmegine, ýokary goşmaça bahaly önümçilige, adam maýasynyň ösdürilmegine hem-de ýurdumyzyň ekologik we durmuş-ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýän ulgamlara gönükdirilmegi bu strategiýanyň esasy wezipesidir.

Senagat jemgyýetini döretmek iň möhüm wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýeti düýpli özgertmek, ony çig mal görnüşinden senagat-innowasion ösüş ýoluna geçirmek, ýokary tehnologiýaly, ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegi, sanly ykdysadyýete geçilmegi, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary goşmaça nyrhly önümleri öndürmek boýunça häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan dürli ýurtlara tebigy gazy, nebit, gaz we nebithimiýa önümlerini, elektrik energiýasyny, mineral dökünleri, gurluşyk serişdelerini, himiýa we azyk önümlerini iberýär. Önümleriň eksport möçberiniň artdyrylmagy önümçiligiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň hem-de sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen höweslendirilýär. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.

Ýurdumyzyň maýa goýum strategiýasynda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösdürilmegi ugur edinilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň çykyşlarynda kiçi hem-de orta telekeçiligiň ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän goldaw giňden beýan edildi. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda telekeçileriň paýy ýyl-ýyldan artýar. Şu ýyl bolsa bu görkezijiniň jemi içerki önümiň möçberinde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 71,3 göterime deň bolmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kuwwatly işewürlik düzümidir, onuň agzalary milli ykdysadyýetimiziň birnäçe esasy pudaklarynda işleýärler, ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar, daşyndan getirilýän harytlar bilen bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça täze kärhanalary döredýärler. Foruma gatnaşýan kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri ýygnananlary öz kärhanalarynyň alyp barýan işleri hem-de olaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen giňişleýin tanyşdyrdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti syýasaty milli ykdysadyýetiň düýpli özgerdilmegine hem-de strategik hyzmatdaşlar bilen köpugurly kooperasiýanyň giňeldilmegine, şol sanda ähli derejelerde netijeli sanly we “ýaşyl” çözgütleriň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Şeýle hem iri maýa goýum serişdeleriniň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegine, häzirki zaman tehnikalarynyň we halkara ölçeglere laýyk gelýän beýleki enjamlaryň getirilmegine uly gyzyklanma beýan edildi. Teklip edilýän taslamalaryň ykdysady netijeliligi, olaryň durmuş ähmiýetliligi, ekologik talaplara laýyklygy, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň ygtybarly we uzak möhletleýin üstünliklere ýetmegi üçin has täsirli gurallaryň bilelikde gözlenilmegi oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy şertleri hökmünde görkezildi.

Forumyň dowamynda maýa goýum mümkinçiliklerini has doly açmagyň ýollary, ýurdumyzy senagat, ylmy-tehnologik we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi höweslendirmegiň gurallary barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Mundan başga-da, halkara guramalaryň, iri maliýe düzümleriniň we daşary ýurt işewürler bileleşiginiň wekilleri tanyşdyryşlar hem-de içgin pikir alyşmalar esasynda türkmen tarapynyň teklip eden innowasion taslamalaryna maýa goýumlary gönükdirmegiň maksadalaýyklygyna baha berdiler.

Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.

Şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda eksport-import amallary, hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalar we beýlekiler bar.

Forumyň dowamynda guralan sergi oňa gatnaşyjylara döwrebaplaşdyrylan ýokary tehnologiýaly senagata, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşini öndürmäge gönükdirilen gaýtadan işleýän pudaklaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünlikleri barada düşünje almaga mümkinçilik berdi.