TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HALKARA FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz sahawatly türkmen topragynda myhmany mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady hem-de bütin dünýäde futboly ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň dekabr aýynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň birine tomaşa edýän wagtynda bolan duşuşygy we şonda Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygyň kabul edilendigini ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. 

FIFA-nyň ýolbaşçysy, ilki bilen, hormatly Prezidentimize ajaýyp Türkmenistana gelmäge çakylygy üçin hem-de duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi, mähirli garşylanandygy, Türkmenistanyň gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga döreden mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda futboly ösdürmegiň esasy tapgyrlary barada gürrüň bermek bilen, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 1992-nji ýylda döredilendigini aýtdy. Şol ýylda hem Türkmenistanyň milli ýokary ligasynyň oýunlary, Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşlar geçirilip başlandy. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň we Aziýa futbol konfederasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy çagalar futbolynyň ösdürilmegine hem uly üns berýär. Netijede, 2000-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň işjeň gatnaşmagynda hem-de ÝUNISEF-niň FIFA bilen bilelikde guramagynda “Grassroots” futbol festiwaly geçirilýär. Yzygiderli esasda guralýan şeýle festiwallar dürli ýaşdaky futbolçylary özüne çekýär

Her ýyl Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA bilen bilelikde ýurdumyzda futbol hem-de kiçi futbol boýunça eminleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara okuw maslahatlaryny geçirýär, onuň jemleri boýunça synaglary üstünlikli geçen eminlere halkara derejeli emin derejesi berilýär.

Duşuşygyň dowamynda myhman hormatly Prezidentimize FIFA-nyň ýörite futbol lybasyny hem-de resmi topuny, FIFA-nyň ýörite nyşanyny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurdy.

Sport ulgamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ygrarlydygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti ýurtda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek ugrunda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyna ýokary baha berdi.