AŞGABATDA HALKARA ULAG MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 3-nji maýynda, Aşgabatda "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023" atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.

Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň resmi wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ulag pudagyndaky ylmy birleşmeleriniň, bilermenler we işewürler toparlarynyň wekilleri gatnaşýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň II halkara konferensiýa we sergä gatnaşyjylara iberen Ýüzlenmesinde belleýşi ýaly, bu wekilçilikli forum hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösmegine we sebitleýin ulag infrastrukturasy üçin ygtybarly binýadyň döredilmegine möhüm itergi berer.

Iki gün dowam etjek halkara maslahaty "Halkara ulag we logistika: çagyryşlar we mümkinçilikler" atly umumy mejlis bilen açylýar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ulag pudagynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ulag pudagynda işleýän daşary ýurtlaryň, halkara we döwlete degişli bolmadyk guramalarynyň ýolbaşçylary häzirki döwrüň meseleleri we mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny, çalt özgerýän ykdysady ýagdaýyň çäginde dünýä söwdasynyň ösüşiniň geljegi we mümkinçilikleri barada garaýyşlaryny beýan ederler. Şeýle hem halkara söwdany ýeňilleşdirmekde we kämilleşdirmekde ulag we logistika infrastrukturasynyň orny, halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde hem-de işjeňleşdirmekde döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada pikir alyşylar.

Maslahatyň dowamynda “Häzirki zaman ykdysadyýetiniň ulag-logistiki taýdan özara baglanyşygy”, “Söwdada we logistikada sanlylaşdyrma boýunça iň täze çemeleşmeler”, "Söwda we senagat: ösüş we hyzmatdaşlyk", “Ulag we logistika infrastrukturasynyň baglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny” we “Ulag we logistika pudagynda innowasiýa tehnologiýalary, ylym we bilim - geljege nazar” mowzuklar boýunça geçiriljek maslahatlaryň dowamynda ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toplumy barada pikir alyşmaga mümkinçilik dörediler.

Halkara maslahatyň çäginde oňa gatnaşyjylar üçin dürli maslahatlaşmalar, ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler, resminamalara gol çekmek ýaly birnäçe çäreler guralýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan durnukly we howpsuz ulag meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýar, şeýle hem halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde durnukly we ygtybarly halkara ulag gatnawlaryny üpjün etmek boýunça köptaraplaýyn wajyp resminamalary kabul etmek başlangyçlary bilen çykyş edýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ugrundaky halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça Kararnamalary kabul edildi. 2016-njy ýylda bolsa, Aşgabatda BMG-niň durnukly ulag boýunça ilkinji maslahaty geçirildi.