TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Sian şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň dördünji duşuşygynyň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we HHR-iň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Çärä gatnaşyjylar “MA-Hytaý” formatynda hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça formata gatnaşyjy-ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi nukdaýnazaryndan wajyp ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň bellemegine görä, sebit we global gün tertibiniň düýpli meseleleri babatynda çemeleşmeleriň ýakyn bolmagynyň we gabat gelmeginiň özi bilelikdäki hereketleriň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň örän uly tejribesine esaslanmak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirkizaman gurallaryny işläp taýýarlamaga özboluşly mümkinçilik döredýändigine türkmen tarapy ynam bildirýär.   

Taraplar şeýle hem şu ýylyň maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň birinji Sammitiniň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijesinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň dördünji duşuşygy hakynda Maglumat beýanaty hem-de mejlisiň Teswirnamasy kabul edildi.