ÝAŞLAR SYÝASATY ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda öňe sürlen Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa mejlisi açmak bilen, ýurdumyzda ýaşlar syýasaty ulgamynda amala aşyrylýan möçberli işleriň çäklerinde ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn goldamak we olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, şeýle-de bu ugurda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň geçirilýändigini belledi.

Şu nukdaýnazardan, Strategiýa ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösmegine, halkara derejesinde dostlugyň, özara düşünişmegiň hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem ýaşlaryň ykdysady, medeni, ylym-bilim, sport we beýleki pudaklara has-da işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmäge gönükdiriler. 

Duşuşygyň dowamynda agzalan mesele boýunça özara pikir alyşmalar geçirildi.