TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Medeni ulgamda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet we sungat wekilleriniň işjeň gatnaşýan çäreleriniň ähmiýeti hem bellendi.

Söhbetdeşler Awstriýanyň sungat günleriniň, konsertleriň we beýleki bilelikdäki çäreleriň mundan beýläk hem geçirilmeginiň möhümdigi barada umumy pikiri beýan etdiler.