TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ABŞ SAPARY TAMAMLANDY

Şu ýylyň 24-nji aprelinde türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy.

Ozal habar berilşi ýaly, Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýene bir tapgyry geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň başlygy Erik Stýuart bilen duşuşygy hem geçirildi. Amerikan tarapynyň adyndan ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň wekilleri we birnäçe amerikan kompaniýalary hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.

Gaz-himiýa pudagynda, oba hojalykda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we wodorod energiýasy pudaklaryndaky geljegi uly taslamalar barada pikir alyşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda suw we oba hojalygynyň zerurlygy üçin oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda howada metan zyňyndylaryny azaltmak meselesini çözmegiň ähmiýeti nygtaldy we bu ugurda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Şol gün türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň energiýa çeşmeleriboýunça kömekçisi Jeffri Paýett bilen duşuşygy dostlukly we netijeli ýagdaýda geçirildi.

Taraplar Amerikanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň gatnaşmagyndaky uly taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen energiýa çeşmeleriniň dünýä bazarlaryna, esasan hem, Ýewropa ugry boýunça goýberilmegine üns berildi. Şol bir wagtyň özünde, TOPH we TOP taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçiliklerine seredilip geçildi.