ABŞ-DA TÜRKMEN-AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horst ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilelikdäki wezipeleri we ýeten üstünlikleri barada pikir alyşmak, şeýle-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak üçin oňyn esas bolup durýandygyny bellediler. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Merkezi Aziýa we ABŞ üçin C5+1 formatyndaky sebit derejesindäki diplomatik dialogy goldaýandyklaryny tassykladylar. Hususan-da, howpsuzlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa,  medeniýet, bilim we ynsanperwer meseleler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistan hem ABŞ medeni we bilim maksatnamalaryna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde ygrarlydyklaryny tassykladylar we bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek üçin esas bolup hyzmat etjek bilim pudagyndaky özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji E.Horst 2024-nji ýylda geçiriljek ikitaraplaýyn geňeşmeleriň indiki tapgyryny Aşgabatda geçirmek barada ylalaşdylar.

 

Şeýle hem 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Diplomatlar ikitaraplaýyn, sebit we halkara gün tertibi, Owganystandaky häzirki ýagdaý we owganara gepleşikleri ösdürmek boýunça meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmeginiň sebitde durmuş-ykdysady ösüşiň, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamaklygyň möhüm faktory bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle hem C5+1 formatda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti Smitson institutynyň Aziýa sungaty milli muzeýiniň müdiri Çeýz Robinson bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar muzeý işini ösdürmek, mirasy gorap saklamak, muzeý işgärleriniň bilimini we olaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak babatynda türkmen muzeý edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.