ABŞ-NYŇ ÝARAGLY GÜÝÇLERINIŇ MERKEZI SERKERDELIGINIŇ BAŞ SERKERDESI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň Baş serkerdesi general Maýkl Kurillanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar howpsuzlyk we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda sebitdäki we Owganystandaky ýagdaý barada özara pikir alyşyldy.

Ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, ýagny, kiberhowpsuzlyk, maglumat alyşmak, maglumat howpsuzlygy boýunça brifingleri we okuw maksatnamalaryny geçirmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.