SUW SERIŞDELERINIŇ NETIJELI PEÝDALANYLMAGY BARADA YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Howanyň üýtgemeginiň çygrynda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagy» atly ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, beýleki degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa özüniň çykyşynda belleýşi ýaly, suw serişdeleri Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda bolsa, serhetara suw hyzmatdaşlygy sebitiň parahat, durnukly we abadan ösüşiniň möhüm bölegidir. Bellenilişi ýaly, suw bilen bagly meseleler global derejede howanyň üýtgemegi bilen baglylykda has-da wajyp ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, bu günki gün suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri öňe çykýar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem-de bilermenleri çykyş etdiler.

Çykyşlaryň dowamynda suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak baradaky meseleleriň ýakyn halkara hyzmatdaşlygyny talap edýändigi bellendi. Howanyň üýtgemegi şertlerinde bu meseläni çözmek üçin BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynda beýan edilen wezipeleriň uly toplumyny amala aşyrmaklygyň zerur bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. Şu nukdaýnazardan, her bir ýurduň, halkara we sebit guramalaryň, ylmy edaralaryň, bilermenleriň tagallalary möhüm ähmiýete eýedir; maglumat, bilim, pikir alyşmak hem-de tehnologiýalar babatynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň zerur bolup durýandygy nygtaldy.