Bilim ministrligi we ÝuNISEF bilelikdäki ekologiýa taslamasyny durmuşa geçirýärler

photo

Hatarynda Bilim ministrliginiň we BMG-nyň Çagalar gaznasynyň (ÝuNISEF) hünärmenleri bolan iş toparynyň agzalary “Çagalaryň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny we uýgunlaşmagyny berkitmek” atly bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek jähtinden “synag” derejsini alan mekdeplere gidip ugradylar. 
Howanyň üýtgemegine garşy göreş---Durnukly ösüş babatda maksatlaryň biridir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa durmuşa geçirilýär. 2016-njy ýylda Durnukly ösüş babatda gün tertibi güýje girdi we howanyň üýtgemegi hakynda Pariž ylalaşygy tassyklanyldy. 
Bilim ministrligi bilen ÝuNISEF-iň 2017-nji ýylyň ahyrynda başlanan bilelidäki taslamasy iki ýyla niýetlenendir. Başlangyç tapgyrda mekdep maksatnamalaryna ekologiýa terbiýesine we howanyň üýtgemeginiň netijelri hakynda bilimleri ýokarlandyrmaga gönükdirilen usulýet gollanmalaryny goşmak boýunça halkara tejribesi barada gürrüň berildi. 
Häzirki tapgyrda Daşoguz we Ahal welaýatlaryndaky synag geçirilýän mekdeplerde düşündiriş çäreleri tapgyry gurnaldy. Olaryň saýlanylyp alynmagy bu sebitleriň howa we ekologiýa aýratynlygy bilen baglanşyklydyr. Daşoguz welaýatyna Aral deňzi ýaramaz täsir etse, Ahal welaýatynyň ilatly ýerleriniň käbiri daglyk ýerde ýerleşýär. 

Saparlarda we duşuşyklarda çagalaryň ekologiýa bilim derejeleri we mekdepleriň maglumat hem-de bezegli serişdeler bilen üpjünçilik derejesi seljerilýär. 
Daşoguz welaýatynda mekdepleriň bäşisi - S. Türkmenbaşy adyndaky (13, 93 we 94-nji mekdepler) we Könürgenç etraplaryndaky (9 we 10-njy mekdepler) “synag” mekdebi boldy. Iş toparynyň agzalary howanyň üýtgemegi bilen baglanşykly meselelere bagyşlanan tebigaty öwreniş we iňlis dili, şeýle hem ýaşaýyş-durmuşyň esaslary sapaklaryna baryp gördüler, mekdepleriň ekologiýa klublarynyň işi bilen tanyşdylar. 
Ýokarda ady agzalan mekdepleriň hemmesinde tematiki maslahatlar geçirildi. Çykyşlaryň ählisinde wideo we foto materiallar görkezildi. Forumlaryň çäklerinde çagalar el işleriniň we suratlarynyň sergisi guraldy. 
Iş toparynyň agzalary welaýat bilim müdirliginiň ýanynda hereket edýän Daşoguz dikeldiş merkezine-de baryp gördüler. Bu ýerde amatsyz howa şertleri bilen baglanşykly adatdan daşary ýagdaýlarda çagalaryň özüni alyp barmagyny özleşdirmegine gönükdirilen synpdan daşary çäreler geçirilýär. 
Ýakyn wagtda şeýle sapar bilen Ahal welaýatyna-da barmaklyk göz öňünde tutulýar. Taslama Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky gidrometeorologiýa baradaky Döwlet komiteti, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty, Oba we suw hojalyk ministrligi, ýurduň beýleki pudak edaralary ýardam berýärler.

source:TDH