Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlige hödürlemek tamamlandy

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça saýlaw möwsüminiň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy. Häzirki wagtda bellige almak dowam edýär we dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy.
Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlaw okruglarynda dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklar geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar dalaşgärleriň zähmet ýoly, olaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de demokratik ösüş ýoluna bolan garaýşy bilen tanşyp, işewür we şahsy häsiýetlerini düýpli ara alyp maslahatlaşanlaryndan soň, olary goldadylar.
Saýlawlaryň öň ýanyndaky häzirki möwsümiň kesgitleýji ýörelgeleri, ähli ozalkylarda bolşy ýaly, giň bäsdeşlik, aýdyňlyk we açyklyk bolup, bular jemgyýetimiziň durmuşynda demokratik kadalaryň berkarar bolmagynyň mizemez şertleridir. Parlamentiň deputaty, ýerli häkimiýet edaralarynyň, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekili bolmak hukugyna watandaşlarymyzyň hormatyndan we ynamyndan peýdalanýan türkmen halkymyzyň mynasyp wekilleri bäsleşýärler.
Degişli saýlaw toparlarynda bellige alnandan soň, dalaşgärleriň sanawy metbugatda çap ediler. Soňra ähli dalaşgärlere hem-de olaryň ynanylan adamlaryna wagyz işleri we saýlawçylar bilen duşuşyklar üçin, şol sanda saýlawlaryň öň ýanyndaky ýygnaklarda, iş maslahatlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki çykyşlarda deň mümkinçilikler berler.
Saýlawçylara hödürlenen dalaşgärleri erkin we hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak hukugy berilýär. Munuň özi saýlawçylara her dalaşgäriň işewür we şahsy häsiýetleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
25-nji martda geçirmek bellenilen saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlanan hem-de jemgyýetimiziň biragyzdan goldawyna eýe bolan demokratik we ösüşlere beslenen özgertmeler ýoluna türkmenistanlylaryň ygrarlydygyny beýan etmäge gönükdirilendir.
Milli synçylar, şeýle hem dürli halkara guramalaryň ýörite çagyrylan wekilleri saýlawlaryň öň ýanyndaky işleriň barşyna syn etmegi amala aşyrarlar.
Öňde boljak saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işleri dowam edýär.
source: TDH