ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2022-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary bolar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.