TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI NÝU ÝORK ŞÄHERINDE «C5+1» FORMATYNDAKY MINISTRLERIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 77-nji sessiýasynyň dowamynda ABŞ-nyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri we wekilleri duşuşyk geçirdiler we onda sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de “C5+1” diplomatik platformasynyň çäginde gatnaşyklary dowam etmekligi ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen  ABŞ-nyň 30 ýylyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň dowam edip gelýändigini hem-de BMG-nyň düzgünnamasyny goldamaga ygrarlydyklaryny bellediler.

Diplomatlar 2015-nji ýylda döredilen gününden bäri “C5+1” formatyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Umumy maksatlara ýetmek hem-de özara gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen “C5+1” sekretariatynyň döredilendigini barada yglan edildi. Şeýle hem, sebitdäki ykdysady howpsuzlygy we arabaglanyşygy güýçlendirmek, azyk we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we adam hukuklaryna ygrarlylygy güýçlendirmek baradaky başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy duşuşykda eden çykyşynda syýasy we durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen, özara maýa goýumlaryny, sebitleýin derejede infrastruktura, ulag we aragatnaşyk, sosial we energiýa taslamalaryny giňeltmäge mümkinçilik döredýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatdaky hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetini belläp geçdi.

Taraplar hususy pudagy ösdürmek, howanyň üýtgemegi we häzirki zaman “ýaşyl” tehnologiýalary ösdürmek, suw hojalygyny dolandyryşy, infrastrukturany meýilnamalaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek, şeýle hem bilim almak mümkinçilikleri boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.