TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz çakylyk hem-de bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin özbek kärdeşine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany mübärekläp, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Özbegistanda ýene-de kabul etmäge örän şatdygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini nobatdaky gezek tassyklaýar. Bu gatnaşyklar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda hakyky strategik derejä çykaryldy diýip, özbek Lideri nygtady hem-de özüniň dosty hormatly Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşler duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebitleýin görnüşde üstünlikli ösdürilýän türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigi hem-de iň ýakyn goňşusy, ygtybarly hyzmatdaşy bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Taraplaryň pikirine görä, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, iki halkyňdyr ýurduň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyna düşünmek döwletara gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlyklarydyr

Bellenilişi ýaly, abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu gurama bilen ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär, ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Muňa Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruna goýulýan ýokary hormatyň nyşany hökmünde garalýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ŞHG-ä agza döwletler bilen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini belledi.