TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞHG-NYŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞMAK ÜÇIN SAMARKANDA BARDY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde ŞHG sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Samarkant şäherine bardy.

Samarkant Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň resmi wekilleri we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar. 

Esasy çäre - ŞHG-nyň sammiti 16-njy sentýabrda Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda Samarkandyň täze syýahatçylyk merkeziniň "Beýik Ýüpek ýoly" maslahatlar zalynda geçiriler. Sammitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine, ŞHG-ni ösdürmek üçin amaly taraplara we ileri tutulýan meselelere serediler. Halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşma bolar.

15-nji sentýabrda ŞHG-nyň sammitiniň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýylsaýyn giňelýändigini we ykdysadyýetiň has köp ugurlaryny öz içine alýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy söwda, energetika toplumy, ulag pudagy, ýagny serhetaşa daşamalar, şeýle hem medeniýet we bilim ulgamlary ýaly strategiki ugurlarda ösýär.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini, parlamentara gatnaşyklarynyň ep-esli pugtalandyrylandygyny aýtdy.