RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Maý

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasyndaky we konsullyk edarasyndaky döwlet baýdaklary aşak düşürildi

Eýran halky bilen raýdaşlygyň alamaty hökmünde şu gün, 20-nji maýda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy bilen, Türkmenistanyň Tähran şäherindäki Ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda döwlet baýdaklary aşak düşürildi.

DOWAMY
pic
20 Maý

Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk

Şu gün, 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi we onuň barşynda ýene bir ýola Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň we Eýranyň beýleki resmi adamlarynyň dikuçar heläkçiligi sebäpli aradan çykmaklary zerarly gynanç bildirildi. Bu betbagtçylygyň ähli türkmenis...

DOWAMY
pic
20 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijelerine bagyşlanan maslahat

2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijelerine we «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» XV halkara ykdysady forumynda eden taryhy çykyşynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R...

DOWAMY
pic
18 Maý

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat

2024-nji ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahaty geçirildi. Bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk s...

DOWAMY
pic
17 Maý

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň mejlisi

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Mongoliýanyň, Wengriýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherin...

DOWAMY
pic
17 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Russiýa - Yslam dünýäsi:KazanForum - 2024» XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum - 2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. 2024-nji ýylda «KazanForuma» 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Ol «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» şyg...

DOWAMY
pic
17 Maý

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy. RF-iň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýokary wekilçilikl...

DOWAMY