RSS

SOŇKY HABARLAR

17 Maý

RF-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Duşuşygyň başynda RF-nyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, täze wezipesinde alyp barjak işlerinde ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny nygtady. Diplo...

DOWAMY
17 Maý

SERBIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Serbiýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Momçilo Babiç bilen duşuşygy geçirildi. Ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurylyşyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipesinde alyp barýan işlerine mümkin bolan ähli ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny mälim etdi. Syýasy-diplomatik ugurda taraplar syýasy dialogy ýokary der...

DOWAMY
17 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi. ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli, öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýan Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzma...

DOWAMY
17 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň s...

DOWAMY
17 Maý

“ÝHHG-NIŇ ÇÄGINDE HOWPSUZLYGY, DURNUKLYLYGY WE DIALOGY BERKITMEKDE BITARAP DÖWLETLERIŇ ORNY” ATLY HALKARA MASLAHATY BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde gurady. Adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine howpsuzlygy, berk we durnukly parahatçylygy üpjün etmek boýunça ählumumy çemeleşmäni ilerletmek, oňa ýardam bermek “Herekete çagyryş — Helsinki+50”...

DOWAMY
16 Maý

«GOETZPARTNERS» KOMPANIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK BARADA

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen Germaniýanyň "Goetzpartners" kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toparyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygy pudagynda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmegiň çäginde pikir alşyldy.

DOWAMY
16 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝHHG-NIŇ PA-NYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Margareta Sederfeltiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasynda syýasy ulgamy, parlament diplomatiýasyny we ýaşlar parlamentarizmini ösdürmegiň, energetika we ekologiýa howpsuzlygy pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, yn...

DOWAMY