TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda 2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky uçdantutma ýazuwynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
2017-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde 2015-nji ýylyň 10-njy iýunynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň kabul eden “Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň 2020-nji ýyldaky ýazuwynyň Bütindünýä maksatnamasynyň” kararnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanda 2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky uçdantutma ýazuwynyň geçirilmegi meýilleşdirilýändigi barada habar berildi. Bu çäräniň geçirilişine düýpli taýýar...
«HAZAR SEBITINDE PARAHATÇYLYK, DURNUKLYLYK WE HALKARA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATY
2017-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyznatdaşlyk» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň daşary işler, goranmak, maliýe we ykdysadyýet ministrliklerinden, deňiz we derýa ulaglary, serhet gulluklaryndan, balyk hojalygy, gidrometeorolog...
TÜRKMENISTAN PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ AGZASY BOLDY
2017-nji ýylyň 15-nji oktaýbrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 137-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň Dolandyryjy geňeşiniň 201-nji mejlisiniň karary bilen Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna biragyzdan kabul edildi. Parlamentara Bileleşiginde ýurdumyza Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilik eder. Ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän bu Bileleşik, iň köne halkara guramalaryň biri bolmak bilen, ol parlamentara d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi şäherine bardy. Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda çykyş edýär. Duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde 10-nj...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞULULARYNYŇ MASLAHATYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUŇ ÖŇE GIDÝÄN ÖSÜŞINIŇ ESASY MESELELERINE GARALDY
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Umumymilli maslahatda geljekde ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň wekilleriniň arasynda hormatly ýaşulular, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, m...
Türkmenistanyň halkara düzümlerde wekilleri bellenildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara düzümlere wekilçilik etmegine degişli birnäçe kararlara gol çekdi. Hususan-da, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Ezizgeldi Orazmuhammedowiç Annamuhammedow Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Aganazarowiç Bazarow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek barada...
AHEHG-ynyň Ýerine ýetitiji komiteti işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Aralyň guramagynyň ilkinji sebäbi bolan Merkezi Aziýa sebitiniň derýalarynyň gidrogeologiýa düzgüniniň üýtgemegi milllionlarça adamyň durmuş şertlerine täsir etdi. Ýaramazlaşma ýagdaýy Merkezi Aziýanyň ekologiýa ulgamynyň erbetleşmegine getirdi. Aral kynçylygyny çözmek köp babatda deňziň töweregindäki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ylalaşykly we jogapkärli hereketine baglydyr. 1993-nji ýylylň 4-nji ýanwarynda Daşkent şäherind...