RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Okt

BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN LEKSIÝALARBMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsy

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin ýörite leksiýalar kursyny geçirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu leksiýalar bilen çykyş ederler. Leksiýalaryň dowamynda talyplaryň we diňleýjileriň ünsleri öňün...

DOWAMY
pic
21 Okt

“TÜRKMENISTAN- BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” DÖWRÜŇ WE SIWILIZASIÝANYŇ GEPLEŞIGI

2017-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdmuhamedowyň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly taze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Hökümet agzalary, biziň ýurdumyzda akreditirlenen diplomatik gullugynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçiligiň, köpçülileýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýurt baştutanynyň taze kitaby bolan “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň...

DOWAMY
pic
20 Okt

Suw hojalygynyň hünärmenleri BMGÖM bilen hyzmatdaşlykda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalry ornaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler

Aşgabatda Oba we suw hojalygy ministrligi suwdan rejeli peýdalanmak babatda milli bilermenleriniň gatnaşmagynda BMGÖM bilen bilelikdäki maksatnamasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşyga gatnaşanlar „ Türkmenistanyň suw hojalgyny durnukly dolandyrmak üçin energiýadan netijeli peýdalanmak we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri“ (2015-2021 ýyllar) taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň ilkinji netijelrini ara alyp maslahatlaşdylar.  Häzirki wagtda Ahal welaýatynda synag meýdançalarynyň ikisinde iş...

DOWAMY
pic
19 Okt

Türkmenistanda 2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky uçdantutma ýazuwynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

2017-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde  2015-nji ýylyň 10-njy iýunynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň kabul eden “Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň 2020-nji ýyldaky ýazuwynyň Bütindünýä maksatnamasynyň” kararnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanda 2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky uçdantutma ýazuwynyň geçirilmegi meýilleşdirilýändigi barada habar berildi. Bu çäräniň geçirilişine düýpli taýýar...

DOWAMY
pic
19 Okt

«HAZAR SEBITINDE PARAHATÇYLYK, DURNUKLYLYK WE HALKARA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATY

2017-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyznatdaşlyk» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň daşary işler, goranmak, maliýe we ykdysadyýet ministrliklerinden, deňiz we derýa ulaglary, serhet gulluklaryndan, balyk hojalygy, gidrometeorolog...

DOWAMY
pic
17 Okt

TÜRKMENISTAN PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ AGZASY BOLDY

2017-nji ýylyň 15-nji oktaýbrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 137-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň Dolandyryjy geňeşiniň 201-nji mejlisiniň karary bilen Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna biragyzdan kabul edildi. Parlamentara Bileleşiginde ýurdumyza Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilik eder. Ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän bu Bileleşik, iň köne halkara guramalaryň biri bolmak bilen, ol parlamentara d...

DOWAMY
pic
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi şäherine bardy. Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda çykyş edýär. Duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde 10-nj...

DOWAMY