RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI RUMYNIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATYNY GOWŞURÝAR

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Buharest şäherindäki Kotroçeni köşgünde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýewiň  Rumyniýanyň Prezidenti jenap Klaus Werner Ýohannise ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle hem çärä Rumyniýanyň Prezidentiniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi jenap Bogdan Auresku, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Danus Sebastian Nekulaesku hem-de Ilçihananyň diplomatlary gatnaşdylar. Rumyniýanyň Prezidenti bilen gepleşikleriň bar...

DOWAMY
pic
30 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ BELARUS RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASYNYŇ GDA-NYŇ BAŞ BINASYNDA GURNAN SERGISI

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda GDA-nyň baş binasynda,Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda, türkmeniň medeni we taryhy mirasynyň, amaly-haşam sungatynyň, döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada habar berýän suratlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi geçirildi. Serginiň dabaraly açylyşynda GDA-nyň Yerine Yetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine Ýe...

DOWAMY
pic
29 Ýan

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda Permany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döre...

DOWAMY
pic
28 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ YHDGM-NIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdirliginiň (YHDGM) başlygy Polat Bilbil oglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenilip geçildi. Şeýle hem bu guramanyň çäklerinde geçiril...

DOWAMY
pic
28 Ýan

RUMYNIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASY AŞGABATDA BRIFING GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda, Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk edýän döwründe ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanyp brifing geçirildi. Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan geçirilen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt Ilçileri we wekilhanalarynyň hem-de halkara...

DOWAMY
pic
26 Ýan

TÄHRAN ŞÄHERINDE TÜRKMEN-EÝRAN SYÝASY GEŇEŞMELERI WE KONSULLYK, SERHET WE GÜMRÜK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Tähran şäherinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.  Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarynda alnyp barylýan giň gerimli hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem energetika, ulag we söwda ýaly ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine üns çekilip bu ugurdaky meseleleriň giň toplumy boýunça...

DOWAMY
pic
25 Ýan

DAŞKENTDE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK WE SUW SERIŞDELERI BOÝUNÇA ÝEWROPA BILELEŞIGI–MERKEZI AZIÝA 6-NJY ÝOKARY DEREJELI MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Daşkentde Daşky gurşawy goramak we suw serişdeleri boýunça Ýewropa Bileleşigi–Merkezi Aziýa 6-njy ýokary derejeli maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň we ÝB-niň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw gorlary ulgamynda alnyp barylýan syýasata jogapkär ministrleriň orunbasarlary, diplomatlar we hünärmenler gatnaşdylar. Agzalan Forumda türkmen wekiliýetine Oba we suw hojalyk ministriniň orunbasary ýolbaşylyk etdi. Maslahata gatnaşyjylar daş...

DOWAMY