TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019 ýylyň 8 fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şalar Geldynazarow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowinde öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. P...
DÖM ULGAMYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEÝLETIN MILLI SYNYNY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI
2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyny taýýarlamak boýunça Pudagara toparynyň Mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady DÖM ulgamynda Türkmenistan...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDIP GEÇDILER
2019 ýylyň 6 fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyklarynyň derwaýys meselelerine seredildi. Şonuň ýaly-da energetika, ulag, aragatnaşyk we komm...
TÜRKMENISTAN BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GEÇIRILMEGINE TAÝÝARLYK GÖRÝÄR
Türkmenistan 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine düýpli taýýarlyk görüp başlady. Taryhda birinji iri hazarýaka forumynyň geçirilýän senesiniň Hazar deňziniň güni bilen gabat gelmeginde çuňňur many bardyr. Birinji Hazar ykdysady forumynyň toplumlaýyn taýýarlygy we geçirilmegi boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Forumy geçirm...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UNAMA-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyza iş sapary bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Tadamiçi Ýamamotonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn halkara hyzmatdaşlygy ýaly ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň raýdaşlygyň mizemez nusgasy hök...
TDIM-DE ÝEWROPA BILELELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mazmunda, hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE ÝTÖB-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Bruno Balwaneranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ÝTÖB-nyň wekilleriniň biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmagy, şeýle hem ÝTÖB-nyň Wekilhanasynyň işleýän tutuş döwründe önjeýli hyzmatdaşlyk saklamagy bilen baglylykda Bankyň wekil...