TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN KOREÝA RESPUBLIKASY MEDENI-YNSANPERWER ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet we jemagat diplomatiýasynyň işleri boýunça Baş direktory j-p Hong Seok Iniň ýolbaşçylygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň uly kuwwaty hakynda aýdyp, taraplar, ilki bilen, bu gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşykla...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň Başlygy (ýerleşýän ýeri Anakara ş.) jenap Kristian Bergeriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli derejede berkidilendigini belläp geçdiler. Şeýle hem wekiliýetiň ýolbaşçy...
«HAZAR DEŇZI – DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRMAK» ATLY OKUW KURSYNA GATNAŞYJYLARYŇ TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA BARDYLAR
2019-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, Halkara Umman institutynyň dolandyryjy direktory Antonella Wassalo we UNESCO-nyň Hökümetara okeanografik toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň geneşçisi doktor Ýuriý Olýunin bilen duşuşygy geçirildi. Myhmanlar talyplaryň öňünde «Halkara Umman instituty we ummany dolandyrmakdaky potensialyň ösüşi: Hazar deňzi sebitinde üstünlikli hyzmatdaşlyk»,...
TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ WEKILIÝETLERINIŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 3-nji martynda Buharest şäherinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary tarapyndan başlyklyk edilýän daşary syýasat edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşyldy. Daşary işler ministrleri Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik özarahereketleriň ýokary derejesini bellemek bilen, ýokary döwlet derejesinde kemala gel...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 28-nji fewralyndan 1-nji mart aralygynda Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň global saglygy goraýyş ulgamy boýunça Baş direktory hanym Kim Hýe-sonuň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda lukmançylyk ulgamyndaky ikitara...
DÖWLET BAŞTUTANYŇ “ALTYN ASYR” KÖLÜNE IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Altyn asyr” kölünde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bu sebitde bellenilen maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilen işler bilen tanyşyp, diplomatik wekilh...
AŞGABATDA ESKATO WE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY TARAPYNDAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we sosial komissiýasy (ESKATO) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Meýletin milli hasabatyna (MMH) goldaw hökmünde geçirilen «Sistemleýin pikirlenmek we Durnukly ösüş maksatnamasyny (DÖM) milli meýilnamasyna integrasiýasy» atly üç günlük okuw seminary öz işini tamamlady. Seminaryň işine Türkmenistanda işleýän Halkara gur...