SOŇKY HABARLAR
The head of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan made an entry in a book condolences at the Embassy of the Islamic Republic of Iran
On May 21, 2024, the head of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov, on behalf of the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov, visited the Embassy of the Islamic Republic of Iran in Ashgabat, where mourning events are being held in connection with the demise of the President of Iran Seyyed Ebrahim Raisi, the Minister of Foreign Affairs Hossein Amir-Abdollahian and other Iranian officials persons as a result of a helicopter accident. In the reception hall of the...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Türkmenistan Eýranda bolup geçen dikuçar heläkçiligi bilen baglanyşykly ýardam bermäge taýýar. Türkmenistan Eýranda bolup geçen, bortunda ýurduň Prezidenti Ebrahim Raisi we beýleki ýokary wezipeli adamlar bolan dikuçar heläkçiligi baradaky habary çuňňur ynjalyksyzlyk bilen kabul etdi. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan bu ýagdaýda goňşy ýurt bolan Eýranyň doganlyk halkyna ähli zerur bolan kömegi berer. Türkmen tarapy bu ýagdaýa alada...
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň aradan çykmagy zerarly gynynç bildirdi. Ýazmaça ugradylan habarda Hosein Amir Abdollahiýanyň sebitleýin we ählumumy parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşan diplomat hökmünde halklaryň ýadynda hemişelik galjakdygy beýan edilýär.
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasyndaky we konsullyk edarasyndaky döwlet baýdaklary aşak düşürildi
Eýran halky bilen raýdaşlygyň alamaty hökmünde şu gün, 20-nji maýda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy bilen, Türkmenistanyň Tähran şäherindäki Ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda döwlet baýdaklary aşak düşürildi.
Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk
Şu gün, 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi we onuň barşynda ýene bir ýola Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň we Eýranyň beýleki resmi adamlarynyň dikuçar heläkçiligi sebäpli aradan çykmaklary zerarly gynanç bildirildi. Bu betbagtçylygyň ähli türkmenis...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijelerine bagyşlanan maslahat
2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijelerine we «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» XV halkara ykdysady forumynda eden taryhy çykyşynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R...