RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Dek

Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Aşgabatda 10-njy türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi, oňa Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Forymyň işinde Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändikleri görkezildi. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetir...

DOWAMY
6 Dek

Türkmenistanda Benin Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akambi Andre Okunlola-Biauwdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Doly ygtyýarly wekil mä...

DOWAMY
6 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda 10-njy bilelikdäki işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegini...

DOWAMY
6 Dek

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda RF-ne iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy Grigoriý Karasiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Russiýa tarapy, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki hyzmatdaşlygyň ruhunda ösýändigini belläp, Russiýanyň mejlisiniň ýokary palatasynyň Merkezi Aziý...

DOWAMY
6 Dek

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmen-Awstriýa hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy barada gyzykly pikir alyşma geçirildi. Şol bir wagtyň özünde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli özara gatnaşyklar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hasam giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan Aws...

DOWAMY
6 Dek

Türkmenistanyň Ilçisi Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine ynanç hatlaryny gowşurdy. Russiýanyň döwlet Baştutany Kremlde geçirilen dabarada Russiýanyň dostlukly Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini aýtdy. Syýasy gatnaşyklar medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýär, diýip W.Putin aýtdy. Aşgabatda bilelikdäki Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebiniň goşmaça binasynyň gu...

DOWAMY
5 Dek

Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Moskwa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp...

DOWAMY