img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary sebit we halkara gün tertibi, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda diplomatlar ýokary derejedäki...

DOWAMY
pic
8 Iýul

TÜRKMEN-TÜRK GEPLEŞIKLERINIŇ DOWAMYNDA ULAG ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň ulag pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türk tarapyna Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministri A.Karaismailoglu ýolba...

DOWAMY
pic
7 Iýul

METBUGAT-RELIZI

Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň dowam etmegi we halkara bileleşigi tarapyndan bu global ähmiýetli wehime garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylar barada habar berýär. Dünýäde COVID-19 ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap Türkmenistanda bu ýokanjyň ýurduň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ulgamlaýyn esasda işler guraldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Hö...

DOWAMY
pic
2 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY BIRNÄÇE MESELÄNI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.  Taraplar iki döwletiň baştutanlarynyň hem-de daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gepleşikleriň ähmiýetini bellediler.  Jenap Atmar pandemiýa ýagdaýlary döwründe Owganystana iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini beýan...

DOWAMY
pic
2 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ÜÇ TARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Owganystan-Türkmenistan- Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy. Bu iri möçberli bilelikdäki taslamany amala aşyrmak baradaky meselä bagyşlanylan wideomaslahatyň barşynda Owg...

DOWAMY
pic
2 Iýul

TÜRKMENISTAN BILEN RF-NYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ ARASYNDAKY EKSPORT-IMPORT MÜMKINÇILIKLERI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň «Astrahan söwda-senagat palatasy» birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn eksport-import dolanşygynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrah...

DOWAMY
pic
1 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BSG-NA DÖWLETLERIŇ GOŞULMAGY MESELELERI BOÝUNÇA ONLAÝN SEMINARA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 1-nji iýulynda Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) “Fokusda goşulmak: Ýewraziýa” atly onlaýn seminaryň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu mejlisde ýurdumyza Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi. Şeýle hem wideokonferensiýa görnüşinde geçen çärä BSG-na agza we synçy ýurtlaryň döwlet we hususy pudaklarynyň degişli edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri hem-de ylmy işgärler gatnaşdylar. Bu mejlis, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza ýa-da synçy hö...

DOWAMY