SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri
2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen gepleşikleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Şol bir wagtda, döwletara görnüşde, şeýle hem halkara we sebit düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň depginli häsiýeti tassyklanyldy. Ministrler ýokary derejedäk...
Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar
2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekilýetine Toparyň türkmen tarapyndan başlygy – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär, eýran wekilýeti Toparyň eýran tarapyndan başlygy – Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar. Duşuşyga iki...
Türkmenistan Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşuldy
2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistan 1998-nji ýylyň sentýabrynda Baku şäherinde kabul edilen Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşuldy. Resminamanyň maksady Ýewropa sebitinde, Gara deňizde, Kawkazda, Hazar deňzinde we Aziýada ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag aragatnaşygyny ösdürmekden, şeýle hem harytlaryň halkara gatnawyny öňe sürmek we ýeňilleşdirmek, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag syýasatyny sazlaşdyrmak...
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Ola...
KHBS üçin habar
2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň Köpugurly döwürleýin syny boýunça Iş toparynyň 44-nji mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynyň netijeleri boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň işgärleri, daşary ýurtly we türkmen žurnalistleri ga...
Türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýyň ýolbaşçylygyndaky Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen söhbetdeşlik geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň geriminiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň s...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ekologiýa, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi barada pikir alşyldy we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ministriň belleýşi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtge...