TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Duşenbe şäherinde türkmen-täjik söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde toparyň başlyklary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary T.Atahallyýewiň we Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Ziyozoda Süleýman Rizoiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini belläp, taraplar dürli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Täjigistana energiýa üpjü...
Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji herýylky duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy
2023-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan gurnalan Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji herýylky duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensi...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew, azerbaýjan wekilýetine Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda iki döwletiň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 6-nj...
Türkmenistan we Azerbaýjan hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň ugrunda
2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşiniň depginli häsiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki duşuşyklaryň we söhbetdeşlikleriň syýasy-diplomatik gepleşikleri güýçlendirmekde aýratyn orny bellendi. Ministrler şu gün Aşgabatda geçirilen Ykdysad...
Alžiriň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň (oturýan ýeri Ankara ş.) täze bellenilen Ilçisi Amara Belaniniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-alžir gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. S...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tegelek stol geçirildi
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gynamalara garşy konwensiýa (OPCAT) goşmaça teswirnamanyň hödürlenmegine bagyşlanan gibrid görnüşinde tegelek stol geçirildi. Çäräniň işine ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin pudagara toparynyň agzalary, Aşgabatda akkreditirl...
Türkmen-niderlandlar hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Niderlandlar Patyşalygynyň täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermers bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda diplomatik işiniň amala aşyrylmagyna ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda ileri tut...