TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 30-njy noýabry -1-nji dekabry aralygynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy. ÝHHG-ä başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri B.Osmaniniň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga ÝHHG-niň 57 döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri we ýolbaşçylary hem-de 11 hyzmatdaş dö...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşýar
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine (Dubaý ş.) ugrady. Ählumumy howa forumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy göz öňünde tutulýar we onda maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlary beýan ediler. Döwlet Baştut...
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow COP28 maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we UNEP-iň däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary tassykladylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýa...
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy resmi taýdan yglan etdi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda bellenen Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjyň Türkmenistan tarapyndan goldanýandygy barad...
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi b...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-NYŇ Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-IŇ Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza we Arkadagymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li...
Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumynyň mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň, şol sanda nebitgaz, dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, derman senagaty, ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklarda ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew we Azerba...