RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Dek

Zimbabwe Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Braýt Kupembanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-zimbabwe gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Hal...

DOWAMY
pic
7 Dek

Kuweýt Döwletiniň Ilçisi DIM-ne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Bader Abdullah Almunaýehiň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. B.Mätiýew Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady....

DOWAMY
pic
7 Dek

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýanyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tomas Şuller-Gotsburg we Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-awtsriýa hyzmatdaşlygynyň derejesi barada içgin gyzyklanma eýe bolan pikir-aly...

DOWAMY
pic
6 Dek

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gyrgyzstanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Bişkek şäherinde Prezidentiň “Ala-Arça” kabulhanasynda Ilçi N.Gölliýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.    Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň barşynda Ilçi Gyrgyz  Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli s...

DOWAMY
pic
6 Dek

Türkmenistanyň wekiliýeti Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Moskwada geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda deňiz derejesiniň peselmegini ýakyndan öwrenmegi, ünsi we toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýän möhüm mesele diýip atlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde suwuň azalmagy bilen baglanyşykly mesele...

DOWAMY
pic
6 Dek

Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Aşgabatda 10-njy türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi, oňa Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Forymyň işinde Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändikleri görkezildi. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetir...

DOWAMY
pic
6 Dek

Türkmenistanda Benin Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akambi Andre Okunlola-Biauwdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Doly ygtyýarly wekil mä...

DOWAMY