SOŇKY HABARLAR
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 28-nji fewralyndan 1-nji mart aralygynda Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň global saglygy goraýyş ulgamy boýunça Baş direktory hanym Kim Hýe-sonuň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda lukmançylyk ulgamyndaky ikitara...
DÖWLET BAŞTUTANYŇ “ALTYN ASYR” KÖLÜNE IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Altyn asyr” kölünde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bu sebitde bellenilen maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilen işler bilen tanyşyp, diplomatik wekilh...
AŞGABATDA ESKATO WE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY TARAPYNDAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we sosial komissiýasy (ESKATO) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Meýletin milli hasabatyna (MMH) goldaw hökmünde geçirilen «Sistemleýin pikirlenmek we Durnukly ösüş maksatnamasyny (DÖM) milli meýilnamasyna integrasiýasy» atly üç günlük okuw seminary öz işini tamamlady. Seminaryň işine Türkmenistanda işleýän Halkara gur...
“TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI” BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 18-NJI MEJLISI BRÝUSSULDE GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýussel şäherinde “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky 18-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaýlary, maýa goýumlar...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Telefon arkaly gepleşigiň dowamynda Döwlet Baştutanlary halkara syýasy giňişliginde ikitaraplaýyn özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlar...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «DEUTSCHE BANK AG» BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Deutsche Bank AG» bankynyň Orta we Gündogar Ýewropa korporatiw we bank maýa goýum – bank täjirçilik hyzmatlary boýunça esasy ýerine ýetiriji direktory, sebitleýin direktorlarynyň dolandyryjysy Ýorg Bongartsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimine degişli meseleleri...
YHÖG-NIŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 26-27-nji fewraly aralygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Ýewraziýa departamentiniň başlygy jenap William Tompsonyň baştutanlygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda, taraplar söwda-ykdysady ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, ýurduň eksport potensialynyň ýokarlandyrmagyň we täz...