SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA SAUD ARABYSTANYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Aşgabatda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi, ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Saud Arabystanynyň Media ministrligi tarapyndan gurnaldy. Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mek...
TÜRKMENISTANDA TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE WE GURAMAÇYLYKLY JENAÝATÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÝHHG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI SEBITLEÝIN MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şeýle hem ÝHHG-niň hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyjy-döwletlerinden gelen 200 golaý wekiller we hyzmatdaşlary, şol sanda halkara guramalarynyň halkara bilermenleri 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda öz işine başlan terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça ÝHHG-niň ýokary derejeli sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar. Bu maslahat Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň ýardam berm...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY MERKEZINIŇ AÇYLMAGYNYŇ 20-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle hem ÝHHG-niň agza-ýurtlarynyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri bolan ÝHHG-niň, ÝB-niň hem-de BMG-niň jogap...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI DÖWLET SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. 17-nji aprelde iki ýurduň Prezidentleriniň duşuşygy geçiriler. Onuň barşynda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy, syýasy, sö...
TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ BIRNÄÇE MINISTRLIKLERINIŇ WE PUDAK EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖZARAHEREKETLERIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde «Oguzkent» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň ýurdumyza boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Koreýanyň hökümet agzalarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşugy açmak bilen bu ýere ýygnanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň arasynda soňky ýyllaryň dowamynda söwda-ykdysady...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistana döwlet sapary başlandy. 2019-njy ýylyň 17-nji martynda resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň Prezidenti Mun Çže Ini «Oguzhan» Köşkler toplumyna çagyrdy, bu ýerde ikiçäk görnüşdäki türkmen-koreý gepleşikleri ge...
KHBS ÜÇIN HABAR
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinden 20-nji apreline çenli döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamynyň gün tertibi wakalara baý bolar. Hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bolar. Saparyň barşynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler, şeýle hem iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryny öz içine alýan resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler. Şeýle hem şu hepde ÝHHG-niň Aşgabatdaky...