TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
Şu ýylyň 7-8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Daşkent şäherine iş sapary body. Saparyň çäklerinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň başlyklarynyň, ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary – Maýa goýum we daşary söwda ministri Žamşid Hojaýewiň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti bellenildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da giňeltmegiň zerurlygy beýan edildi.
TÜRKMENISTANDA DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN ÝURTLARYŇ ULAG BOÝUNÇA MASLAHATY GEÇIRILER
2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçiriler. 30-dan gowrak döwletleriň wekiliýetleri, şeýle hem 30-dan gowrak halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoula...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2022-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sýan Naýçen bilen duşuşdy. Diplomatlar däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda bilelikdäki ykdysady we durmuş-medeni taslamalary durmuşa geçirmegiň ýokary neti...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI LIWAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2022-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ýerewan şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mi...
AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynd...
TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDAKY HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ ILKINJI DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew duşuşygy açmak bilen, bu duşuşygyň howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin geljekki geňeşmeleriň esasy bolup durýandygyny belledi. Taraplar sebit we halkara...