RSS

SOŇKY HABARLAR

3 Maý

TÜRKMEN WEKILIÝETI KATARDA OWGANYSTAN BOỲUNÇA YÖRITE WEKILLERIÑ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyñ 1-2-nji maýynda Katar Döwletiniñ Doha şäherinde BMG-niñ Baş Sekretarynyñ howandarlygynda Owganystan boỳunça yörite wekilleriñ duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niñ Baş sekretary Antonio Guterriş hem gatnaşdy. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniñ wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiyew gatnaşdy. Duşuşykda  Owganystanyň häzirki syỳasy-harby, ykdysady we ynsanperwer ỳagdaỳlary barada pikir alyşyldy. Türkmen wekiliỳetiniñ ỳolba...

DOWAMY
3 Maý

AŞGABATDA HALKARA ULAG MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 3-nji maýynda, Aşgabatda "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023" atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň resmi wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ulag pudagyndaky ylmy birleşmeleriniň, bilermenler we işewürler toparlarynyň wekilleri gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezident...

DOWAMY
2 Maý

BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň şu ýylyň 3-4-nji maýynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023” atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň arasyn...

DOWAMY
1 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY UGRUNDA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň, şu ýylyň 3-4-nji maýynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023” atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ulag diplomatiýasyň halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselele...

DOWAMY
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Sian şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň dördünji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we HHR-iň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki h...

DOWAMY
26 Apr

TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Sin Gan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Sian şäherinde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleriniň giň gerimi ara alny...

DOWAMY
26 Apr

ÝAŞLAR SYÝASATY ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda öňe sürlen Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimow...

DOWAMY